Şu günler Aşgabadyň demir ýol wokzalynyň golaýynda rekonstruksiýa işleri geçirilýär. Bu demirýol wokzalynyň esasy girelgesiniň öňünden geçýän Gurbansoltan eje adyndaky şaýol giňeldilip, wokzalyň günorta we günbatar bölegindäki ýerasty geçelgeler ýumrulýar we olaryň deregine täzeleri gurulýar.
Aşgabat: Wokzalyň töweregi abatlanýar

5
Bu rekonstruksiýa işleri sebäpli wokzalyň esasy binasyna hem zeper ýetip, onuň ýolagçylaryň otla garaşmak üçin niýetlenen perronynyň hem esasy bölegi ýumruldy.

6
Şeýle-de, wokzalyň esasy girelgesiniň öňünde ýerleşen suw çüwdürimleri hem ýer bilen ýegsan edilip, onuň daş-töweregindäki onlarça agaç hem kesildi.

8
Wokzalyň golaýyndaky awtobus duralgasynyň ýanynda ozal gurlan ýerasty geçelge hem häzir söküldi.