Aşgabat: Wokzalyň töweregi abatlanýar
Mundan iki hepde ozal başlanan abatlaýyş işleriniň çäginde wokzalyň esasy binasynyň köçe tarapyna demir haýat aýlanyp, onuň öňünden geçýän Gurbansoltan eje şaýolunda agyr tehnika gurluşyk işlerini alyp barýar.
Wokzalyň günorta we günbatar bölegindäki ýerasty geçelgeler ýumrulýar we olaryň deregine täzeleri gurulýar.
Häkimiýetler bu ýerde nähili rekonstruksiýa işleriniň geçirilýändigi barada häzirlikçe halk köpçüligine anyk maglumat bermeýärler.
Wokzalynyň öňünde dowam edýän bu rekonstruksiýa işleriniň çäginde Gurbansoltan eje şaýolunyň wokzalyň öňünden geçýän ýeri bölekleýin ýapyldy. Bu ýagdaý wokzala barýan we gaýdýan ýolagçylaryň gatnawynda käbir kynçylyklary döretdi.
Bu rekonstruksiýa işleri sebäpli wokzalyň esasy binasyna hem zeper ýetip, onuň ýolagçylaryň otla garaşmak üçin niýetlenen perronynyň hem esasy bölegi ýumruldy.
Şeýle-de, wokzalyň esasy girelgesiniň öňünde ýerleşen suw çüwdürimleri hem ýer bilen ýegsan edilip, onuň daş-töweregindäki onlarça agaç hem kesildi.
Wokzalyň golaýyndaky awtobus duralgasynyň ýanynda ozal gurlan ýerasty geçelge hem häzir söküldi.