Mary welaýatynyň hünärment mekdepleriniň okuwçylary üçin tomusky dynç alyş möwsümi başlansa-da, olaryň aglabasy Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklar sebäpli öýlerine goýberilmedi.
Aşgabatda we ýurduň beýleki welaýatlarynda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatory öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri kabul etmegi bes etdi. Bu waka Russiýanyň “MTS” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işini ýene bir gezek togtatmak bilen ýüzbe-ýüz bolýan mahalyna gabat geldi.
Gynamalara sezewar edilenleri goldamagyň halkara gününde, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň ençemesi Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň häkimiýetlerini adam gynamalaryny bes etmäge çagyryp, ýörite beýanat çap etdi.
Türkmenistanyň Aşgabatdaky harby ýokary okuw jaýlarynyň kursantlaryna, ýagny studentlerine tomusky dynç alyşlary döwründe öýlerine gitmegiň deregine, olimpiýa şäherçesiniň golaýynda howpsuzlyga gözegçilik etmek tabşyryldy.
Iki aýa golaý arakesmeden soň, Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynyň käbirinde çilim çäkli möçberde gaýtadan satylyp başlandy.
Şu günler Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesinde ýurduň kärendeçi daýhanlarynyň galla hasylyny ýygnamakdaky üstünlikleri we olar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi barada, ýygy-ýygydan maglumatlar görkezilýär.
Aşgabadyň banklarynda, hususan-da, Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda raýatlaryň ýurduň beýleki sebitlerinde ýaşaýan ene-atalary ýa-da dogan-garyndaşlary üçin açdyran ýörite maksatly “Goýum” diýlip atlandyrylýan bank hasaplary ýapylyp başlandy.
Aşgabatda çilim barha gytalyp, hususy eýeçilikdäki dükanlarda onuň bir gutusynyň bahasy 70 manada ýetdi.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň, şol sanda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň käbir resmileriniň tassyklamagyna görä, bu kärhananyň işgärlerine başga iş gözlemelidigi aýdylypdyr.
Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ýaşaýjylary tomsuň jokrama yssy günlerinde özlerine berilýän elektrik togunyň hiliniň pesliginden zeýrenýärler.
Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky kärendeçileriň döwlet harmanyna tabşyran galla hasyly üçin, öz plastik kartlaryna geçirilen puly nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigi habar berilýär.
Aşgabatda polisiýa işgärleri welaýatlardan gelip, paýtagtyň seýilgählerinde işleýän we şol ýerde ýatyp-turýan içerki migrantlary polisiýa merkezine “ýygnap” başladylar.
Maý aýynda Türkmenistanda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza hususy firmalaryň azyndan 12-si ýapyldy diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň indi mart aýyndan bäri öz zähmet haklaryny alyp bilmeýändigi we munuň bilen bagly dürli kynçylyklary başdan geçirýändigi barada, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler.
Türkmenistanyň mugallymlaryna we okuwçylaryna öňünden duýdurylmazdan, olaryň işleýän we okaýan mekdepleri dürli ugurlar boýunça “çuňlaşdyrylan bilim berýän mekdepler” diýlip üç topara bölündi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwlar tamamlanyp, synag möwsümi dowam edýän mahaly, Aşgabadyň käbir mekdeplerindäki gutardyş ekzamenlerinde, hilegärligiň bolýandygyny aýdyp, ene-atalaryň ençemesi nägile bolýar.
Türkmenistan Aziýa oýunlaryna tomaşa etmek üçin gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurduň territoriýasynda ýolbeletsiz, ýagny gidsiz hereket etmegini gadagan edýär.
Türkmenistan ýurduň günbataryndaky Balkan welaýatynda deňiz suwuny duzsuzlandyrýan ýene iki täze zawody gurmagy planlaşdyrýar.
Türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň syýahat mümkinçiliklerini ‘hiç hili düşündiriş bermezden’ çäklendirmek arkaly, olaryň daşary ýurtlara gitmegini kynlaşdyrýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.
1-nji iýuldan başlap, Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) studentleri “Aziada-2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyk çärelerine çekiler diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.
Ýene-de ýükle