Maý aýynyň başyndan bäri Aşgabatda öňki sud edilen ýaşaýjylar gürrüň geçirmek üçin polisiýa merkezine çagyrylýar ýa-da polisiýa işgärleri olaryň öýlerine gelýär diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.
Aşgabadyň Parahat etrapçasynyň käbir ýaşaýjylary häzirki wagtda howanyň gyzgynlygy 40 gradusa golaýlan mahaly, özleriniň kondisionersiz kösenýändiklerini aýdýarlar.
Aşgabadyň Mir etrapçasynda şäheriň Hitrowka raýonyndan gelen onlarça adamyň gatnaşmagynda uruş-dawa boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler.
Aşgabadyň birnäçe kilometr gündogarynda welaýatlardan paýtagta gelýän ulaglary saklamak üçin ýörite awtoduralganyň gurluşygy amala aşyrylýar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler.
Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol goýan ýörite karary esasynda, Ýeňiş baýramy mynasybetli 7-nji maý ýekşenbe güni iş güni we 8-9-njy maý günleri dynç günleri diýlip yglan edildi.
Daşoguz şäherinde we onuň golaýyndaky obalarda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň ählisiniň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu welaýata etjek saparyna görülýän taýýarlyk çärelerine gatnaşýandygy habar berilýär.
Türkmenistanda döwlet tarapyndan girizilen käbir çäklendirmeler, şol sanda lisenziýa almakdaky kynçylyklar sebäpli Aşgabatdan welaýatlara gatnaýan hususy taksileriň öz awtoulaglaryny paýtagtyň birnäçe kilometr çetindäki buky ýerlerde saklamaga mejbur bolýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýa
Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda çilim birnäçe gün satuwa çykarylandan soň, gaýtadan ýitirim boldy. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň aýtmagyna görä, döwlete degişli dükanlarda ýa-da söwda nokatlarynda indi 30-njy aprelden bäri çilim satylmaýar.
Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň paýtagty Balkanabat şäherinde, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärlerden öz öýlerinde suw ölçeýji gurallary oturtmak we onuň oturdylandygy baradaky güwänamany tabşyrmak talap edilýär.
Türkmenistanda benziniň gymmatlajakdygy barada il içinde dörän myş-myşlar käbir adamlaryň ätiýaç üçin benzini aşa köp mukdarda satyn almagyna we ýangyç stansiýalarynda benziniň wagtyndan öň gutarmagyna getirdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleri Owganystanyň hökümetiniň we halkynyň ýurtda syýasy durnuklylygy dikeltmäge we sosial-ykdysady mäkämligi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny goldamagy dowam etdirmäge isleglidiklerini beýan etdiler.
Türkmenistanda milli Bedew baýramy uly şowhun bilen bellenilip geçildi. Bu baýramçylyk dabarasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan her ýyl aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanda şu günden, ýagny 1-nji maýdan başlap, otly biletleri öňküsinden 100%, uçar biletleri ortaça 20% gymmatlady.
Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynyň käbirinde, üç aýa golaý arakesmeden soň, çilim gaýtadan satuwa çykdy.
Aşgabadyň Çoganly şäherçesinde welaýatlardan gelip işleýän içerki migrantlaryň arasynda onlarça adamyň gatnaşmagynda uruş boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri habar berýärler.
Aşgabatda arak-çakyr önümlerini satýan hususy dükanlara döwlet tarapyndan edilýän gözegçilik güýçlendi diýip, söwdagärleriň ençemesi habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministriniň alyp barýan işlerine düýpli nägilelik bildirip, Aşgabatda hususy awtoserwislere gözegçiligi güýçlendirmegi berk talap etdi.
Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen 18-nji aprelde Gazagystanyň paýtagty Astana bardy.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Eýran bilen Türkmenistanyň sarsmajak baglarynyň bardygyny aýdyp, Tähran agyr günde öz dostuny hiç haçan ýatdan çykarmaz diýdi.
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda ençeme ýyllap nobata duran işgärlere jaý berilmeýär diýip, bu pudagyň käbir işgärleri habar berýärler.
Ýene-de ýükle