Türkmenistanda plastik kartlardan ýurduň daşynda peýdalanmak düzgünlerine täze çäklendirmeler girizildi. Täze girizilen çäklendirmelere laýyklykda, daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylaryň her biri öz ýany bilen diňe bir sany plastik karty äkidip bilýär.
Tähran geçen ýylyň aýagynda dörän gaz dawasy sebäpli Aşgabada garşy kanun taýdan çäre görjek diýip, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory aýtdy.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu welaýata planlaşdyrýan saparyna taýýarlyk görýär. Taýýarlyklaryň çäginde býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň gatnaşmagynda dürli çäreler geçirilýär.
Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän ondan gowrak köp gatly jaýyň kabel telewideniýeleri we telefon liniýalary kesildi.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk kompaniýasy häzirki wagt ýurduň çetki obalarynda-da internetiň elýeterlidigini habar berýär.
Türkmenistanyň banklarynda täze girizilen düzgüne laýyklykda, raýatlaryň bank hasaplaryna we döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň plastik kartlaryna gelen puluň 1%-den gowragy tutulyp alynýar.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän neşiriň žurnalisti öz Twitter sahypasynda paýlaşan tweetlerinde “her gün Türkmenistandan kömek soraýan adamlaryň ençemesinden e-meýller gelip gowuşýar” diýip ýazdy.
Aşgabat şäheriniň Parahat 1 we 2 etrapçalaryndaky köp gatly jaýlaryň eýwanlaryny, split sistemalaryny, goşmaça otaglaryny we kir serilýän ýüplerini sökmek işleri güýçli depginde amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabyndaky we Daşoguz welaýatyndaky edaralarynyň öňünde ýene nobatlar emele geldi diýip, “Türkmen inisiatiwasy” neşiri habar berýär.
Aşgabatda ýerleşýän “A-Market” söwda dükany doly ýapyldy. Bu waka söwda dükanynyň eýesi Döwlet Ataýewiň türk oppozisioneri bilen gatnaşykda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigi barada, Azatlyk Radiosyna maglumatlaryň gelip gowuşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmenistanda önümçiligiň batly depginde ösmegi ýurduň importa bolan garaşlylygyny pese gaçyryp, eksportyň göwrümini artdyrdy diýip, türkmen döwlet habarlar gullugy ýazýar.
Soňky aýlarda Aşgabat şäherinde ýol böwetleriniň, ýagny il içinde atlandyryşy ýaly “ležaşiý palesaýlaryň” köpelýändigi, emma olaryň mekdep, çagalar baglary ýaly zerur ýerleriň golaýynda ýerleşdirilmeýändigi aýdylýar.
“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Türkmenistanda, hususan-da, Aşgabat şäherinde öýsüz haýwanlaryň gynalyp öldürilýändigi barada ýörite wideo çap etdi.
Owganystanyň paýtagty Kabulda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň gurluşygy bilen ilteşikli taslama-barlag işlerine başlamak barada memorandum baglaşyldy.
Aşgabadyň “8-nji mart” sebitinde onlarça aýal öz ýykylýan jaýlarynyň öwezine başga jaý berilmegini talap edip, uly bolmadyk protest çäresini geçirdiler.
Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekýän adamlara salynýan jerimäniň möçberi tas bäş esse ýokarlandyryldy.
Şu gün Bütindünýä Ene dili güni bellenilýär. Bu sene köpdillilige hem-de medeni we dil dürlüligine ünsi çekmek üçin her ýylyň 21-nji fewralynda bellenilip geçilýär.
Aşgabatda bir müňe golaý maşgala indi dört gün bäri ýerli we daşary ýurt telekanallaryň hiç birine tomaşa edip bilmeýär. Munuň sebäbiniň Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň güýçlendirilmegi bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.
Soňky hepdelerde Aşgabadyň käbir söwda dükanlarynda we bazarlarynda soňky ulanyş möhleti geçen azyk harytlarynyň satylýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar. Aýdylmagyna görä, alyjylar harydyň ulanyş möhletiniň geçendigini öýe gelenlerinde bilip galýarlar.
Ykdysady azatlyk boýunça täze çap edilen ýyllyk hasabatda Türkmenistan dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň hatarynda ýerleşdirildi. Jemi 180 ýurdy öz içine alýan bu hasabatda Türkmenistan umumy görkezijiler boýunça 170-nji orny eýeledi.
Ýene-de ýükle