Dünýäniň musulman halklary şu günler Remezan, Oraza aýynyň tamamlanmagy bilen, gadymdan gelýän Eýd al-Fitr, ýagny Oraza baýramyny belleýärler. Türkmenistanda Oraza baýramy şu gün, ýagny 6-njy iýulda bellenilýär.
Şu günler Türkmenabat şäherindäki ýeke-täk Internet-kafede Internetden peýdalanmaga barýan adamlaryň sany öňküsinden iki esse çemesi artdy.
Türkmenistanda soňky üç günde Internet ulanyjylar öz mobil telefonlary arkaly Internede girip bilmeýärler. Muňa nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.
Şu günler Parahat-2 etrapçasynyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň aralaryndaky köçelerde gök-bakça önümlerini satýan ownuk söwdagärleriň sanynyň artýandygy habar berilýär.
Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda gurluşygyna mundan 3 ýyl ozal başlanan desganyň gurluşygynyň heniz hem tamamlanmaýandygy barada habar berilýär. Häzirki wagt bu ýerde ne gurluşyk işçilerini, ne-de agyr tehnikalary görse bolýar.
Şu günler Aşgabadyň demir ýol wokzalynyň golaýynda rekonstruksiýa işleri geçirilýär. Abatlaýyş işleriniň çäginde wokzalyň esasy binasynyň köçe tarapyna demir haýat aýlanyp, onuň öňünden geçýän Gurbansoltan eje şaýolunda agyr tehnika gurluşyk işlerini alyp barýar.
Şu günler Aşgabatda dollaryň gara bazarynda dollar söwdasy janlandy. Mundan iki aý çemesi ozal gara bazaryň söwdagärleri 1 amerikan dollaryny 4,40 manada satyn alan bolsalar, häzirki wagtda bu 5,20 – 5,40 manada barabar.
Aşgabatda mundan 1 ýarym ýyl ozal çemesi bölekleýin rekonstruksiýa edilen seýilgähde gaýtadan abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi habar berilýär.
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň käbir işgärleriniň öz aýlyk haklaryny wagtynda alyp bilmeýändigi habar berilýär.
Bir hepdä golaý wagt bäri türkmenistanlylar dürli internet prowaýderler arkaly Skaýp internet aragatnaşyk ulgamyna girmäge synanyşanda, özleriniň bu programmadaky sahypalaryna girip bilmeýärler.
Mundan iki ýyl çemesi ozal Aşgabadyň käbir köpgatly ýaşaýyş jaýlaryndaky sowadyjylar aýrylan mahaly, resmiler olaryň “ýörite görnüşde” gaýtadan oturdyljakdygyna wada beripdiler.
“Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýa Türkmenistanyň hökümetini türkmen türmelerinde ýitirim edilen tussaglaryň ykbaly barada maglumat bermäge çagyryp, ýörite beýanat ýaýratdy.
1-nji iýunda Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi. Şu ýyl türkmen daýhanlarynyň 1 million 600 müň tonna däne ýygnap aljakdygy habar berilýär.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyla eden üç günlük resmi saparyny 31-nji maýda tamamlady. Bu soňky 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda ýokary derejeli türkmen resmisiniň Ysraýyla eden ilkinji resmi sapary boldy.
Şu gün ir bilen türkmen telewideniýesinde bije çekmek arkaly yglan edilen netijelere görä, mekdebi tamamlaýan okuwçylar üç tema, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” romany boýunça düzme ýazýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa öz öýündäki internet liniýasynyň eýýäm bir aýa golaý wagt bäri işlemeýändigini habar berýär.
Aşgabadyň Şor we Çoganly sebitlerinde müňlerçe jaýy ýykmak çäresiniň tamamlananyna 1 ýyl boldy. Mälim bolşy ýaly bu sebitlerdäki jaýlar mundan üç ýyl çemesi ozal bölekleýin ýykylyp başlanypdy.
Geçen hepdäniň ahyrynda Türkmenistanda Haly baýramy bellenilip geçildi. Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlarda, soňky ýyllarda türkmen halysyny daşary ýurda eksport etmegiň kynlaşandygy we munuň hem halyçylyk bilen meşgullanýan maşgalalara ýaramaz täsir ýetirýändigi habar berilýär.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän, döwlete degişli däl gurama Ýewropanyň Ösüş we dikeldiş banky Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada öz öňde goýan prinsiplerinden yza çekilýär diýýär.
Türkmenistan Gazagystan bilen aradaky ýeňillikli wiza düzgünini wagtlaýynça ýatyrdy diýip, iki ýurduň arasyndaky “Temir-baba” serhet geçelgesindäki gazak Serhet gullugynyň jogapkär resmisi Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.
Ýene-de ýükle