Türkmenistanyň prezidentiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda tassyklan “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda, ýurtdaky döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalar wagtal-wagtal bäsleşikli söwda çykarylýar.
14-nji maýda türkmen metbugatynda ýene 43 sany desganyň bäsleşikli söwda çykarylandygy habar berildi. Şol bir wagtda, ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda, şol desgalaryň eýýäm birnäçe ýyl bäri yzly-yzyna satuwa çykarylýandygy, emma satyn alynmaýandygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosy munuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
“Auksionyň şertleri işewürleri kanagatlandyrmaýar”