Azatlygyň habarçylary Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň halk içinde döreden reaksiýalary barada maglumat ibermeklerini dowam etdirýärler. Balkanlylar 19-njy sentýabrda geçirilen Halk maslahatynda orta atylan teklipleriň, kabul edilen kararlaryň halka diňe zyýan boljakdygy hakynda gürrüň edýärler diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy aýtdy.
Çeşmelerimiziň sözlerine görä, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip eden Ýazmyrat Atamyradow soňky birnäçe günde Türkmenistanda iň kän “gulagy şaňladylan”, iň kän “ýamanlykda ýatlanan” adam boldy.
Şeýle-de, welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak barada diýlip öňe sürlen teklipler, ýagny ozal ýatyrlan etraplar bilen bagly täzelik köp pikir alyşmalara sebäp boldy.
Ýazmyrat Atamyradow soňky günlerde iň 'meşhur' adam boldy
Ýazmyrat Atamyradowyň teklibi halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň “ýokary derejä ýetendigi” bilen delillendirdi we tygşytlanyljak serişdeleriň beýleki wajyp ugurlara, belki-de, ýatyrylan etraplaryň dikeldilmegine gönükdirilmegi maslahat berildi diýip, aşgabatly sync aýtdy.
Degişli maglumat Halk Maslahatynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi“Balkanlylar bu maslahatda orta atylan teklibe toý-sadakalarda, azyk, uçar biletleri nobatlarynda diňe negatiw pikirlerini bildirýärler” diýip, habarçy bilen gürleşen bir ýaşaýjy aýtdy.
Atamyradowyň serişde tygşytlamak baradaky teklibi adamlaryň ýurtda gurulýan gymmatbaha gurluşyklar, geçirilýän dabaraly çäreler, energiýa söwdasyndan gelýän serişdeleriň harçlanyşy barada ozal azrak, çekinip edilýän gürrüňleriň has açyk we juda kän gozgalyp başlanmagyna getirdi diýip, synçylar aýdýar.
“Şu gün Balkanabatda 3 sadakada boldum, ol ýerdäki gartaşan adamlar, hatda orta ýaşly adamlar hem gorkman gargynýar. ...bu adam halkyň başyna bela boldy, öz adyna şäher gurdy, häkimiýeti elinde saklamak üçin halkyň puluny halky zyýanyna ulanyp başlady. ...gymmatbaha forumlary, sport oýunlaryny geçirip, halky bir döwüm çörege zar etdi, ene-ataly çagalary ýetim goýdy, ýaşlaryň ömri daşary ýurtlarda geçip barýar” diýip, balkanly ene, 76 ýaşly Tawus eje käýindi.
Halk arasynda gaharly reaksiýa döreden ýene bir mesele bolsa, Halk maslahatynda üç ýyl ozal ýatyrylan etraplaryň dikeldilmegi, täze etraplaryň häkimlikleriniň döredilmegi bilen bagly boldy.
Berdimuhamedowlar Nyýazowyň adyny 'taryhdan öçürmekde' aýyplanýar
Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynda Farap, Döwletli we Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynda Oguz han etrabynyň döredilmegi bilen baglylykda, degişli häkimlikler döredildi.
Şeýlelikde, tygşytlanýan serişdeler, görnüşinden, görkezilen häkimlikleriň gaýtadan gurulmagyna, olaryň işgärlerine harçlanjaga meňzeýär.
Ýaşaýjylar bu üýtgetmeleriň ýönekeý halk üçin hem goşmaça kynçylyklary döredýändigini, ozalam gününi zordan görýän adamlaryň täze pasport çykdajylary, uzyn nobatlar, para bermek mejburly bilen ýüzbe-ýüz edilmeginiň indi tas däp-dessura öwrülendigini öňe sürýärler.
Söhbetdeşlerimiziň biri bu üýtgetmelerde halk üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmek maksadynyň däl-de, eýsem ýurduň birinji prezidentini ýatladýan zatlary ýok etmek maksadynyň yzarlanýandygyny öňe sürdi.
Degişli maglumat Prezident ösüşleri öwýär, çeşmeler 'nägileligiň güýçlenýändigini' aýdýarlar“Bular Saparmyrat Nyýazowyň adyny, familiýasyny, ejesiniň adyny ýakyn taryhdan öçürmek üçin edilýän oýunlar. ...birki ýyl mundan ozal Gurbansoltan eje etrabyny Akdepe etrabyna goşdy, ýene Gurbansoltan etraby bolan etraby dikeldip, Garaşsyzlyk adyn dakdy, Lebapda hem şeýle boldy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran raýat aýtdy.
Onuň pikiriçe, Gurbanguly bu zatlary aç-açan aýdyp etse, ‘men geljekde diňe öz garyndaşlarymyň adyny dakmaly’ diýse, adamlary azara goýmasa, mundan biraz gowy bolardy, adamlar galanja puluny döwüm çöreginden kesip, pasport täzelemäge harçlamazdy.
Türkmen häkimiýetlerinden etraplary ýapmak, birleşdirmek, gaýtadan açmak, ýer-ýurt atlaryny täzelemek, ilatyň bu üýtgeşmeler sebäpli çykarýan goşmaça harajatlary, resminamalary täzelemek we bu ugurdaky korrupsiýanyň derejesi barada maglumat alyp bolmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.