Aşgabatda birnäçe gün dowam eden çilim gytçylygyndan soň, döwlete degişli dükanlaryň aglabasy polisiýanyň gözegçiligi astynda, temmäki önümlerini gaýtadan satyp başlady.
Aşgabatda abat binalaryň ýene biri sökülýär. 1990-njy ýyllaryň ahyrynda paýtagtyň Alyşir Nowaýy köçesiniň ugrunda gurlan bu dört gatly bina gözellik salony hökmünde hyzmat edýärdi.
Aşgabadyň Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrundaky gurluşyk işleri sebäpli bu köçäniň “Sewernaýa” bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň aralygyndaky howly jaýlaryň öňüne demir haýatlar aýlandy.
Aşgabatda dollaryň “gara bazaryndaky” bahasynyň barha gymmatlaýandygy habar berilýär. Häzir “gara bazarda” bir dollara 6,20 manat berilýär, degişlilikde bir dollar-da 6,40-6,60 manada satylýar.
Aşgabadyň ondan gowrak söwda nokatlaryndaky we banklaryndaky bankomatlardan indi iki gün bäri pul çekip bolmaýar.
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny işe girizmäge bagyşlanan maslahat geçirip, onuň gurluşygynyň noýabr aýynyň onlaryna çenli tamamlanjakdygyny yglan etdi.
Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda çilimiň ýene satuwdan aýrylandygy habar berilýär. Munuň sebäpleri barada ne dükan işgärlerine, ne-de çilimkeşlere maglumat berilýär.
Türkmenistanda üç aýa golaý wagt dowam eden çilim gytçylygyndan soň, Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda, temmäki önümleri gaýtadan satylyp başlandy.
Türkmenistanda binalary gurmak ýa-da olary abadanlaşdyrmak işleriniň 80%-i indiden beýläk ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan amala aşyrylar.
Türkmenistanyň meşhur estrada aýdymçylarynyň biri Nazir Habibow “çekmek üçin yzygiderli neşe satyn alypdyr” diýlip tussag edildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn asyr“ telekanalynda habar berilýär.
Eýranyň türkmen gazyny import etmek zerurlygy aradan aýryldy diýip, Eýranyň Nebit ministriniň orunbasary Hamidreza Eragi aýdýar.
Aşgabadyň otly wokzalynyň käbir bölekleriniň indi alty aýa golaý wagt bäri ýapyklygyna galýandygy sebäpli, bu ýere gelýän we gidýän ýolagçylaryň dürli kynçylyklary başdan geçirýändigi habar berilýär.
Ukrainanyň Sumi şäherinde birçä türkmenistanly ýaşlaryň azerbaýjanly studenti urup-ýenjendigi habar berilýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli gutlag haty bilen ýüzlendi.
Türkmenistanda iki ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýjylardan öz öýlerinde gaz ölçeýji gurallary oturtmaklyk talap edilýär. Munuň bilen baglylykda, käbir türkmenistanlylaryň dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar.
Soňky aýlarda Türkmenistanda, hususan-da Balkan welaýatynda hususy eýeçilikdäki firmalaryň ençemesi öz işini togtatdy. Bu kompaniýalaryň biznes işini bes edýändigi barada ýerli metbugatda bildiriş görnüşinde maglumat berilse-de, olaryň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar.
17-nji sentýabrda Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bahasy iki milliard amerikan dollaryndan hem geçýän täze halkara aeroportyň açylyş dabarasy boldy.
Balkan welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän ähli işgärleriň diýen ýaly aýlyk haklary indi ençeme wagt bäri, azyndan iki aý gijikdirilip berilýär. Bu ýagdaý esasan welaýatyň magaryf ulgamynda, saglygy saklaýyş pudagynda we önümçilik kärhanalarynda işleýänlere degişli.
Türkmenistanyň prezidenti 188 sany zyýaratçynyň Saud Arabystanyna gitmegine rugsat berdi, diýip türkmen mediasy habar berdi. Türkmenistanly zyýaratçylaryň 5-26-njy sentýabrda Saud Arabystanyna etjek haj zyýaraty döwletiň hasabatyna we “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçary arkaly amala aşyrylar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän radarlar, wideokameralar oturdylýar. Sürüjileriň aglabasy köçede ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň azalmagyny, awtomatik ulgamyň oturdylmagyny, umuman oňyn hereket diýip hasaplaýarlar.
Ýene-de ýükle