Şu günler Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň köçelerinde Ýol gözegçilik gullugynyň awtoulagly işgärleri aýlanyp, pyýada ýolagçylara ýanýollardan ýöremelidigini duýdurýarlar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarda käbir azyk önümleriň ýeterlik derejede satylmaýandygy habar berilýär. Maglumata görä, döwlet dükanlarynyň tas ählisinde diýen ýaly şeker, ösümlik ýagy, un ýaly önümler irden satylyp, öýlän arakesmeden soň satylmaýar.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Türkmenistanda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmeginiň soňuna ýetmegi we ýurtdaky beýleki adam hukuklary problemalaryny çözmegi üçin türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa basyş etmeli diýdi.
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz we Gubadag etraplarynda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telekanallaryna talabalaýyk tomaşa edip bolmaýar diýip, Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň biri sosial ulgam arkaly habar berýär.
Daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän we gidýän onlarça türkmen ýük ulagy Eýranyň gümrük geçelgesinde alty günläp saklanyldy diýip, Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň biri sosial ulgam arkaly habar berýär.
Geçen hepdäniň şenbe we ýekşenbe günlerinden başlap, hepdäniň dynç günleri bilim, saglygy saklaýyş we beýleki döwlet edara-kärhanalarynyň ençeme işgäri irden sagat 7-den tä 6-a çenli pagta meýdanlaryna alnyp gidilýär.
Aşgabadyň Parahat - 1,2,3,4,7 etrapçalarynda düýn, ýagny 22-nji awgustda 12 sagat çemesi suw kesildi. Bu sebitdäki suwsuzlygyň şu gün, ýagny sişenbe güni hem dowam edýändigi habar berilýär.
Aşgabadyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda gizlin ýollar bilen satylýan temmäki önümleriniň bahasy öňküsinden üç esse gymmatlady. Bu gymmatlama, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda temmäki önümleriniň ähli görnüşleriniň satuwdan aýrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyklar eýýäm 2 ýarym aý öňünden başlandy. Paýtagtyň ozalky “Lokomatiw”, häzirki “Dagdan” stadionynda geçirilýän çärelere döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşýar.
YouTube saýtynda peýda bolan bir wideo ýazgyda, Täjigistanyň bir diplomatyna Türkmenistan tarapyndan “kämillik ýaşyna ýetmedik” diýilýän gyzy zorlamak boýunça bilkastlaýyn hereket edenlikde aýyplama bildirildi.
Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän onlarça jaýdaky ýüzlerçe penjiräniň adaty ak aýnasy altynsöw öwüsýän gara aýnalar bilen çalşyryldy. Bu penjireler mundan alty ýyl çemesi ozal hökümetiň maliýe serişdesiniň hasabyna oturdylypdy.
Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene-de gymmatlap, geçen hepdeden bäri 35% çemesi ýokarlandy.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimiýetleriniň namaz okaýan ýa-da sakgal goýberýän ýaşlary tutup, olara garşy dürli çäreleri görýändigi aýdylýar.
Şu günler Türkmenistanda resmiler daşary ýurtlarda okaýan studentler bilen duşuşyp, wagyz-nesihat beriji gepleşikleri geçirýärler. Türkmen häkimiýetleri tomusky dynç alyşlarynda Türkmenistana dolanan studentlerden “Yslam döwleti” atly toparyň wagyz-nesihatyna ynanmazlyga çagyrýarlar.
Aşgabadyň Parahat etrapçalaryndaky köpgatly jaýlaryň ýerzeminlerinde we ýarym ýerzeminlerinde ýerleşýän kiçi dükanlaryň 20-den gowragy ýapyldy. Bu ýagdaý Aşgabadyň azyk satylýan kiçi dükanlaryna ýörite resmi talapnama gowşurylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Ýakyn geljekde Türkmenistandan Eýrana 130 sany eýranly tussag ekstradisiýa ediler diýip, “Tasnim” neşiri habar berýär. Eýranyň resmileri Türkmenistanda tussaglykda saklanylýan eýranlylaryň sanyny ortaça 400 adam diýip çaklaýarlar.
Türkmen häkimiýetleri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýurduň beýleki künjeklerinden gelip işleýän içerki migrantlary şäherden wagtlaýyn çykaryp başladylar.
Türkmenistanda ýörite orta hünär berýän mekdepleriň ýene bäş sanysy tölegli edildi. Resmi metbugatda Türkmenistanyň 42 sany ýörite orta hünär mekdeplerine okuwçylaryň kabul edilip başlanandygy, şolaryň 19 sanysynyň töleglidigi habar berilýär.
Geçen hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanmaga berlen ençeme desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Soňky ýyllarda Aşgabatda ençeme seýilgäh rekonstruksiýa işleri sebäpli ýapyldy ýa-da ýumruldy, şeýle-de ýüzlerçe agaç çapyldy. Bu seýilgähleriň käbirleriniň abatlaýyş işleri sebäpli ýapylanyna ençeme aý boldy.
Ýene-de ýükle