Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Maryda, kemçilikler üçin, bäş etrabyň häkimini, welaýatyň, bir şäheriň we bir etrabyň häkiminiň orunbasarlaryny işden boşatdy. Şeýle-de ol welaýat, etrap we şäher häkimleriniň we olaryň orunbasarlarynyň 11-sine käýinç we berk käýinç berendigini aýtdy. Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa käýinç, onuň orunbasary J.Annaýewe bolsa berk käýinç berildi. Welaýat häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary Ý.Hommadow bolsa, “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýlip, işden boşadyldy.