Türkmenistanda Halk Maslahatynyň geçirilen gününde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde etiň, çöregiň we beýleki azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň bahalary 20 göterimden 100 göterime çenli gymmatlady.
Ýaşaýjylaryň ençemesi ilat arasynda nägilelikleriň artýandygyny aýdýar. Şäheriň bazarlarynda etiň bahasyna nägilelik bildirýän raýatlar polisiýa tarapyndan soraga çekilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“19-njy sentýabrda Türkmenabadyň “Gök” bazarynda sygyr etiniň bir kilogramynyň bahasy 120 manada ýetdi. Awgustyň ahyrynda bu etiň bahasy 95 manatdy. Sentýabryň başynda bolsa, 100-102 manada ýokarlanypdy” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Et söwdagärleriniň we satyjylarynyň ençemesi mal etiniň bahasynyň bir aýyň dowamynda tapgyr ikinji gezek gymmatlamanyň sebäbini ýurtda iri we ownuk şahly mallaryň sanynyň juda azdygy bilen düşündirýär.
“Mal azlygy sebäpli onuň bahasy gymmatlaýar. Mundan başga-da, ýurtda eýýäm inflasiýany saklamak mümkin däl. Ýerli et söwdagärleri öňümizdäki bir aýyň dowamynda iri mal etiniň bahasynyň 140 manada çenli gymmatlamagyna garaşýarlar” diýip, “Gök” bazarda et söwdasy bilen meşgullanýan satyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenabat şäher häkimliginiň oba hojalygy bölümindäki ygtybarly çeşmämiz hem bu maglumaty tassyklaýar. Ol muňa şu ýyl dürli keseller zerarly iri we ownuk şahly mallaryň müňlerçesiniň gyrylmagynyň, şeýle-de mal eýeleriniň eti daşary ýurtlara eksport etmeginiň sebäp bolýandygyny aýtdy.
“Ýerli mal eýeleriniň ençemesi iri we ownuk şahly mallaryň etini goňşy Özbegistana we Gazagystana satýar. Sebäbi olar mundan gowy girdeji edinýärler. Bu ýurtlara syýahat edýän raýatlar hem gazanç etmek üçin, migrasiýa gullugyna para bermek bilen, ýany bilen uly möçberde mal etini satmak üçin alyp gidýärler. Şol bir wagtyň özünde, şu ýyl dürli keseller sebäpli welaýatyň çäginde müňlerçe mal gyryldy” diýip, çeşmämiz belledi.
Şäherde etiň gymmatlamagy bilen bir hatarda, ir-iýmişleriň, gök-baka önümleriniň bahasy hem onlarça göterim gymmatlady. Ilatyň gündelik sarp edýän esasy harytlarynyň biri bolan çöregiň bahasy bolsa, birden 100% ýokarlandy.
“5 manatlyk çörekleriň bahalary 10 manada gymmatlady. Bir sany ýumurtganyň bahasy 2 manat bolany bilen, hili gaty peseldi, gabygyny döweniňde içindäki sarysy rezin ýaly, hatda daşyna akmaýar” diýip, türkmenabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Etiň we beýleki azyk önümleriniň gymmatlamagy barada ýerli häkimiýetler ýa-da bazar administrasiýasy tarapyndan ilata aç-açan düşündiriş berilmeýär ýa beýanat çap edilmeýär.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň oba hojalygy we söwda bölümlerinden teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Ýöne ýaşaýjylaryň ençemesi bu ýagdaýlaryň ilat arasynda nägileligiň artmagyna, protest duýgularynyň güýçlenmegine getirýändigini aýdýar.
“Ähli zatlar birden gymmatlady. Ne balyk alyp bolýar, ne-de et. Bazara 200 manat bilen barsaň, iki-üç sany haryt alyp, öýe dolanýarsyň. Ýaşlaryň ählisi gahar-gazapda, birine bir zat diýäýseň ýaryljak ýaly, hemme kim diňe harytlaryň bahalary barada gahar-gazap bilen gürrüň edýär, prezidente we onuň maşgalasyna aç-açan paýyş sözleri aýdýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.
Munuň bilen bir wagtda, şäheriň bazarlarynda etiň we beýleki azyk harytlarynyň bahalaryna aç-açan nägilelik bildirýän raýatlar polisiýa tarapyndan soraga çekilýär.
“Bazarlarda asudalyga gözegçilik edýän polisiýa işgärleri olary soraga çekip, dürli gorkuzmalara sezewar edýärler, şol sanda işleýän edarasyna habar berlip, işine zyýan ýetjekdigi barada haýbat atylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk bu barada ýerli polisiýa bölüminden we şäheriň iri bazarlarynyň administrasiýalaryndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň welaýatlarynda, şol sanda paýtagtda soňky üç aýdan hem az wagtyň dowamynda ýerli goýun we sygyr etleriniň bahasy tapgyrlaýyn esasda takmynan 40% gymmatlady.
Etiň bahasynyň gymmatlamagy soňky aýlarda hem ilat arasyndaky ikiçäk gürrüňlerde, hem-de sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda gozgalýan esasy temalaryň birine öwrüldi.
Hökümet ýygnaklarynda we döwlet mediasynda ilatyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygy yzygiderli tekrarlanýar. Ýöne ýurtda azyk önümleriniň, şol sanda etiň gymmatlamagy barada hiç hili gürrüň gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum